Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Izmirdäki partlamada azyndan üç adamyň ýaralanandygy habar berilýär


Izmirde partlama boldy, 5-nji ýanwar, 2017
Izmirde partlama boldy, 5-nji ýanwar, 2017

Türkiýäniň mediasy ýurduň Egeý deňzindäki Izmir port şäherinde partlamanyň bolandygyny habar berdi.

Şäheriň sudunyň golaýynda azyndan bir awtoulagyň ýanan ýerine tiz kömek ulaglarynyň barandygyny 5-nji ýanwarda CNN Turk media kompaniýasy habar berdi.

“Dogan news” neşriniň habarçy partlama zerarly azyndan üç adamyň ýaralanandygyny wakanyň bolan ýerinden habar berdi.

Izmirdäki partlamanyň yzany polisiýa güman edilýän hüjümçini atyp öldürdi, diýip Reuters täzelikler agentligi howpsuzlyk resmisine salgylanyp habar berdi.

Türkiýäniň ululygy boýunça üçünji şäheri bolan Izmirdäki bu partlama täze ýyl gijesinde Stambulyň gijeki klubunda 39 adamyň wepat bolmagyna getiren hüjümiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG