Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden saýlanan prezident Donald Trampy ýazgardy


ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden saýlanan prezident Donal Tramp
ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden saýlanan prezident Donal Tramp

ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden saýlanan prezident Donald Trampa “kemala gelmegi” maslahat berdi we onuň ýurduň aňtaw gullugy barada eden ýaňsyly çykyşyny ýazgardy.

Bideniň bu çykyşy Trampyň 6-njy ýanwarda aňtaw resmileriniň ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlaryna täsir ýetmek boýunça amala aşyrylan kiber kampaniýa Orsýetiň güman edilýän gatnaşygy barada berjek hasabatynyň planlaşdyrylan wagtyna gabat geldi. Tramp şeýle çaklamalary ret edýär.

ABŞ-nyň aňtaw jemgyýeti Orsýetiň hökümetini ABŞ-nyň saýlaw prosesine täsir ýetirmek boýunça kampaniýany geçirmäge görkezme bermekde köpçülikleýin aýyplady we Orsýetiň Donald Trampyň saýlanmagyny goldamak boýunça tagalla edendigi baradaky çaklamalary öňe sürdi.

Orsýet we Tramp şeýle çaklamalary “esassyz” diýip ret etdiler.

XS
SM
MD
LG