Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň simwol-nyşany kesgitlendi


Türkmenistanyň Aziýa oýunlaryna teklip eden simwol-nyşanlarynyň taslamasy, Aşgabat, 2014.

Türkmenistanda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň simwol-nyşany kesgitlendi.

Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň maslahatynda 2017-nji ýylda 15-24 sentýabr aralygynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň simwol-nyşanynyň görnüşiniň tassyklanandygy habar berildi.

Media maglumatlarynda, oýunlaryň nyşanynyň türkmen milli eşigine geýnen alabaý itleriniň boljakdygy aýdylýar.

Ýapyk jaýlarda we söweş sungaty boýunda Aziýa oýunlary Türkmenistanda geçiriljek iň ýokary derejeli sport ýaryşydyr. Oňa dünýäniň 62 ýurdunyň sportsmenleriniň gatnaşjakdygy aýdylýar.

Şeýle-de ýaryşyň dowamynda Aşgabatda Aziýanyň olimpiýa komitetiniň baş geňeşiniň hem geçiriljekdigini Interfaks agentligi habar berýär.

Türkmenistan Aziýa oýunlaryna görýän taýýarlyklaryň çäginde birnäçe täze desgany, şol sanda bahasy 5 milliard amerikan dollaryna barabar olimpik şäherçesini gurdy.

Türkmen resmileri 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň simwol-nyşanlarynyň taslamasyny 2014-njy ýylda Aşgabatda geçirilen sergide köpçülige hödürläpi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG