Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp kiber hüjümlerine garşy berk göreşjekdigini aýdýar


Donald Tramp

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp, noýabrda prezident saýlanaly bäri Orsýetiň hakerligi barada berlen üznüksiz soraglara gaýtawul berip, şeýle hakerleriň togtadylmagy üçin «berk çäre görmegi» wada berdi.

ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň 6-njy ýanwarda Orsýetiň saýlawlar babatynda hakerlik edendigi barada netijä gelnen brifiňinden soň, Tramp öz toparyndan 20-nji ýanwarda işe girişeninden soň, kiber hüjümlerine garşy berk göreşmek we ony togtatmak barada ilkinji 90 gün üçin plan düzmegi sorandygyny aýtdy.

Tramp howpsuzlyk «usullarynyň, gurallarynyň we taktikalarynyň» açyk ara alnyp maslahatlaşylmaly däldigini, beýle edilse, bu ýagdaýdan zyýan ýetirjek bolýan adamlaryň peýdalanjakdygyny belledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG