Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Florida atyşygynda güman edilýän sorag edildi


Ýolagçylar Fort Lauderdale-Hollywood International aeroportyndan ewakuasiýa edildi.
Ýolagçylar Fort Lauderdale-Hollywood International aeroportyndan ewakuasiýa edildi.

ABŞ-nyň Florida ştatynyň polisiýasy Fort Lauderdale-Hollywood International aerportynda bolan atyşykda bäş adamy öldürmekde, sekiz adamy ýaralamakda güman edilýän erkekden sorag etdi.

Güman edilýän ýaragly, polisiýanyň aýtmagyna görä, 26 ýaşyndaky Esteban Santiago, Yrak urşunyň weterany.

Alýaskaly Santiago Yrakda Milli gwardiýanyň hatarynda gulluk edip, geçen ýyl, kanagatlanarsyz gullugy sebäpli goşundan boşadylypdyr.

Agasy onuň soňky wagtlarda psihologiki bejeriş alandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG