Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Azazda bolan partlamada 40-dan gowrak adam öldi


 Azazda howa zarbasyndan zyýan gören hassahana.
Azazda howa zarbasyndan zyýan gören hassahana.

Siriýanyň türk serhedine golaý, pitneçileriň elinde galýan şäherinde ýarylan ýangyç ýükli maşyn onlarça adamy öldürdi diýip, oppozisiýa toparlary aýdýar.

Siriýanyň Adam hukuklaryny goraýan obserwatoriýasy 7-nji ýanwardaky tanker partlamasynda azyndan 43 adamyň ölendigini, pidalaryň köpüsiniň graždan adamlardygyny aýdýar.

Bu partlama demirgazyk şäher Azazyň sud jaýynyň işiginde bolupdyr.

Ölenleriň arasynda alty sany pitneçi söweşiji hem bar diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG