Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Moskwa bilen gowy gatnaşykda boljakdygyny aýdýar


Donald Tramp

ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp ýene bir gezek Moskwa bilen gatnaşyklary gowulaşdyrmagy wada berdi.

Ol bu sözleri Birleşen Ştatlaryň aňtaw hasabatynda Orsýetiň prezidentiniň saýlawlarda Trampyň bähbit görmegi üçin kiber kampaniýasyny guramagy buýrandygy baradaky netijä gelneninden bir gün soň aýtdy.

7-nji ýanwarda, twitter arkaly berlen wadada onuň ozal eden ýaraşyk äheňli beýanatlary, ýagny Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmagyň zerurdygy barada aýdan sözleri gaýtalandy.

Ýöne onuň gezekki beýanatynyň äheňi 6-njy ýanwarda, aňtaw hasabaty çap edilen mahalynda aýdan sözlerine ters gelýär.

Ol şonda kiber hüjümlerini togtatmak ugrunda berk hereket etmegi wada beripdi. Ol bu meselede Orsýete aýratynlykda günä bildirmedi.

6-njy ýanwarda aýan edilen aňtaw hasabaty prezident Putini, ABŞ saýlawlaryna täsir ýetirmek üçin, ýörite kiber kampaniýasyny geçirmegi buýurmakda aýyplaýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG