Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropadaky sowuk "Gazpromyň" has köp gaz ibermegine getirdi


"Gazpromyň" Bişkekdäki sport toplumy
"Gazpromyň" Bişkekdäki sport toplumy

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki gaz läheňi «Gazprom», adaty bolmadyk sowuk howa zerarly, Ýewropa ýurtlaryna rekord derejede köp gaz iberendigini aýdýar.

7-nji ýanwardaky beýanat ýewropa ýurtlarynyň köpüsiniň esasan rus gazyna garaşly bolup galýandygyny ýanjaýar.

“Gazpromyň" 6-njy ýanwarda eden beýanatyndabir gün ozalky rekorddan, 1 million kub metre golaý gazdan hem aşylandygy aýdylýar. Bu gazyň köp bölegi Baltika deňziniň düýbinden geçýän «Nord Stream» geçirijisi arkaly iberilipdir.

Döwlet eýeçiligindäki «Gazprom» Ýewropa Bileleşiginiň sarp edýän tebigy gazynyň üçden bir bölegine golaýyny iberýär.

Germaniýanyň baştutanlygyndaky ýewropa ýurtlary energiýa üpjünçiligini, syýasy dartgynlyklaryň dowam etmegi netijesinde, Orsýetden garaşsyz ýagdaýa getirmek, diwersifikasiýa etmek isleýär.

XS
SM
MD
LG