Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerusalim: ýük maşyny pyýadalary basalap, 4 adamy öldürdi


Resmiler azyndan 15 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Ysraýyl häkimiýetleri gündogar Ýerusalimde bir ýük maşynynyň ýoluň gyrasyndan gelýän esgerler toparynyň üstünden maşyn sürendigini aýdýarlar.

Bu hadysada dört adam ölüp, azyndan 15 ýadam ýaralandy.

Polisiýanyň sözçüsi 8-nji ýanwardaky hadysany bilkastdan edilen «terror hüjümi» diýip atlandyrdy.

Polisiýa sürüjiniň şol ýerde atylyp öldürilendigini aýtdy.

Pidalaryň üçüsi aýal we olaryň hemmesi 20 ýaşlarynda diýip, polisiýa aýtdy.

Sentýabrdan bäri ysraýyl-palestin çaknyşyklarynda 40 ysraýylly, iki amerikan öldürildi, Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri 229 palestinalyny öldürdiler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG