Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad oppozisiýa bilen "ähli zady" gepleşmäge taýýardygyny aýtdy


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad
Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad

Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad ýurduň oppozisiýasy bilen teklip edilýän parahatçylyk ugrundaky gepleşikler başa barsa öz hökümetiniň “ähli zady” gepleşmäge taýýardygyny aýtdy.

Siriýanyň SANA agentliginiň 9-njy ýanwarda çap eden maglumatyna görä, Assad öz hökümetiniň teklip eden delegasiýasynyň wagtyň kesgitlenen pursadynda gepleşiklere başlamaga taýýardygyny fransiýaly žurnalistler bilen söhbetdeşliginde aýdypdyr.

Orsýet, Eýran we Türkiýe gepleşikleri Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirmegi teklip edýärler. Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawuşogly duşuşygyň 23-nji ýanwarda başlanmagynyň mümkindigini aýtdy.

Emma Siriýanyň oppozision toparlary özleriniň gatnaşmadyk ýagdaýynda Astanadaky gepleşikleriň geçirilip bilmejegini belleýärler.

9-njy ýanwarda geçirilen interwýuda Assad Saud Arabystanynyň we günbatar tarapyndan goldanýan oppozision güýçleriň ähmiýetini gowşatmaga çalyşdy we gepleşiklere öz sözi bilen aýdylanda “real” oppozision güýçleriň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Şeýle-de Assad geljekde Siriýanyň prezidenti wezipesine dalaş etmezlikden ýüz öwürdi we munuň “Siriýanyň halkynyň islegine” bagly boljagyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG