Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Polisiýa hüjümçiniň Özbegistanyň raýatydygyny anyklady


Türkiýäniň polisiýasy, Stambul
Türkiýäniň polisiýasy, Stambul

Türkiýäniň polisiýasy täze ýyl gijesinde Stanbulyň Reina klubuna hüjüm edendigi çak edilýän adamyň Özbegistanyň raýatydygyny we onuň adynyň Abdulkadir Maşaripowdygyny anyklady.

Media serişdeleriniň polisiýa salgylanyp habar bermegine görä, “Abu Muhammed Horasani” lakamy bilen tanalýan Maşaripow Siriýada we Yrakda hereket edýän “Yslam döwleti” atly terrorçy gurama bilen gatnaşykda bolupdyr.

Maşaripowyň häzir gizlenýän ýeri belli däl. Türkiýäniň howpsuzlyk güýçleri we polisiýasy onuň özüni we ýaranlaryny gözleýär.

2011-nji ýyldan başlap Türkiýede ýaşaýan Maşaripow 1-nji ýanwarda Stambulyň Reina atly gijeki klubuna hüjüm edip, adamlary oka tutan hüjümçi bolmakda güman edilýär. Şol hüjüm zerarly 39 adam wepat bolupdy.

“Yslam döwleti” atly ekstremist topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG