Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň sudy öňki ykdysadyýet ministri Ulýukaýewiň derňew möhletini uzaltdy


Orsýetiň öňki ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew
Orsýetiň öňki ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýew

Moskwanyň sudy ýurduň öňki ykdysadyýet ministri Alekseý Ulýukaýewiň işi boýunça jenaýat derňewleriniň möhletini 15-nji maýa çenli uzaltdy.

Basmannyý etrap sudy prokurorlaryň derňewleriň wagt möhletini artdyrmak baradaky ýüzlenmesini 10-njy ýanwarda kanagatlandyrdy.

Ulýukaýew Rosneft döwlet kompaniýasyna regional nebit kompaniýasy Başneftiň aksiýalarynyň aglaba bölegini döwletden satyn almaga mümkinçilik döretmek üçin iki million amerikan dollary möçberinde para almakda aýyplanýar.

Şeýle-de sud Ulýukaýewiň deslapky tussaglykda galmagynyň şertleriniň möhletini uzaltdy.

Prokurorlar Ulýukaýewiň öý tussaglygynyň uzaldylmagyny talap edip, onuň öýüni terk eden ýagdaýynda derňewe täsir ýetirmeginiň we ýurdy terk etmeginiň ähtimaldygyny aýdypdy.

61 ýaşly Ulýukaýew medisina sebäpleri bilen baglylykda öý tussaglygynyň ýatyrylmagyny sorap, ýurdy terk etmezligi wada beripdi.

Noýabr aýynda tussag edilen Ulýukaýew 1950-nji ýyllardan bäri tussag edilen ilkinji ýokary derejeli sowet ýa-da orsýet resmisi boldy. Ol tussag edilmeginiň ertesi prezident Wladimir Putiniň karary bilen wezipesinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG