Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjanda korrupsiýanyň üstüni açýan tanymal blogger tussag edildi


Blogger Mehman Huseýnow

Azerbaýjanly tanymal blogger ýurt häkimiýetiniň ýokarky gatlaklaryndaky korrupsiýanyň üstüni açyp, çap eden maglumatlary bilen prezident Ilham Aliýewiň gahar-gazabyna eýe bolmagyndan soň tussag edildi we polisiýa boýun bolmazlykda aýyplandy, diýip onuň aklawçysy habar berdi.

Blogger Mehman Huseýnowyň 9-njy ýanwarda adaty geýimli näbelli adamlar tarapyndan awtoulaga salynandygy barada onuň dostlarynyň habar bermeginiň yzýany aklawçy Elçin Sadikow AÝ/AR bilen söhbetdeş boldy.

Sadikowyň aýtmagyna görä, Huseýnow Nasimi etrap suduna alnyp baryldy. Günäli hasaplanan ýagdaýynda oňa 30 günlük türme tussaglygy garaşýar.

Soňky hepdelerde Huseýnow hökümet resmilerine we kanun çykaryjylara degişlidigi aýdylýan kaşaň jaýlaryň suratlaryny çap etdi we bu jaýlary guran işçiler bilen söhbetdeş boldy.

Adam hukuklaryny goraýjylar we hökümetiň tankytçylary 2003-nji ýylda merhum kakasynyň ornuna ýurt başyna geçen Aliýewiň syýasy matlaply tutha-tutluklary we beýleki häkimiýet gurallaryny nebite baý ýurtda başga pikirli adamlary sem etmek üçin ulanýandygyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG