Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Täjigistan Owganystanyň Orsýetdäki ilçisiniň çykyşyna protest bildirdi


Täjigistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nizomiddin Zohidi Owganystanyň Täjigistandaky ilçisi Zalmai Ýunusi bilen gepleşik geçirýär, 9-njy ýanwar, 2017.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanyň Duşenbedäki ilçisini çagyryp, oňa Orsýetdäki owgan ilçisiniň aýdanlary barada protest bildirendigini habar berdi.

Ministrligiň 12-nji ýanwarda mälim etmegine görä, agzalan protest Owganystanyň Duşenbedäki ilçisi Zalmaý Ýunusä 31-nji dekabrda gowşurylypdyr.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň protest bildirmegine Owganystanyň Orsýetdäki ilçisi Abdul Kaýum Koçiniň YouTube ulgamynda ýerleşdirilen wideoda görkezilen çykyşy sebäp boldy.

Koçi beren interwýusynda täjikleriň we orsýetlileriň Owganystandaky neşe önümçiliginiň aňrysynda durandygy baradaky çaklamalary öňe sürdi. Şeýle-de Koçi Täjigistany “kiçijik ýurt” diýip atlandyrdy we “ilatyň öz dilini ulanmagyna rugsat berilmeýändigini” aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň 12-nji ýanwarda eden beýannamasynda Owganystanyň proteste jogap berip, Koçiniň aýdanlarynyň onuň öz şahsy garaýyşy bolup, Kabulyň resmi garaýyşyna gabat gelmeýändigini aýdandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG