Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝDOB 'Türkmen penjire' kärhanasyna 3.5 million dollarlyk karz berer


Plastik penjireleriň önümçilik kärhanasy

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş bankynyň (EBRD) Türkmenistanda plastik önümlerini öndürýän “Türkmen penjire” atly senagat kärhanasyna 3.5 million dollarlyk karz berjegi barada media maglumatlarynda habar berilýär.

Karz beriljek pul “Türkmen penjire” şirketine plastik penjireler üçin ýylda üç müň tonna möçberinde plastik önümlerini öndürmegi göz öňünde tutýan täze kärhanasyny açmaga ýardam berer, önümçilik 2017-nji ýylda başlanar, diýip Gyrgyzystanyň AKIpress neşri ýazýar.

Maglumatda Türkmenistanda ýola goýuljak önümçiligiň häzirki wagtda Türkiýeden, Eýrandan we Hytaýdan getirilýän önümleriň ornuny tutmagyna garaşylýandygy bellenýär.

Ýewropanyň dikeldiş we ösüş banky şu çaka çenli Türkmenistana 250 million ýewro möçberinde maýa ýatyrdy, bu puluň esasan hususy orta we kiçi senagat kärhanalary goldamaga göz öňünde tutulan proýektler üçin niýetlenendigi habar berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG