Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň sudy bäş raýaty adam gaçakçylygynda günäli tapdy


Gazagystanyň Atyrau şäheriniň sudy
Gazagystanyň Atyrau şäheriniň sudy

Gazagystanyň Atyrau şäheriniň sudy ýurduň dört raýaty we Orsýetiň bir raýatyny adam gaçakçylygy sebäpli türme tussaglygyna höküm etdi.

12-nji ýanwarda geçirilen diňlenişikde sud edilenleriň biri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Orsýetiň üstünden Owganystandan Ýewropa Bileleşigine adam gaçakçylygyny amala aşyrylmagyny gurnamakda günäli tapylyň 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Sud edilen ýene üç adam, şol sanda Orsýetiň raýaty ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler. Ýene biri üç ýyllyk şertli tussaglyga höküm edildi.

Sud edilenleriň atlary köpçülige mälim edilmedi.

Suduň aýtmagyna görä, Owganystanyň, Gazagystanyň we Orsýetiň raýatlaryny öz içine alýan jenaýatçylykly topar 2015-nji ýylyň oktýabr we 2016-njy ýylyň mart aýlarynyň aralygynda hereket edip, owganlary Merkezi Aziýanyň we Orsýetiň üstünden Finlýandiýa bikanun aşyrmak işi bilen meşgullanypdyr.

Bu toparyň beýleki agzalary azatlykda galýarlar, diýip resmiler habar berdiler.

XS
SM
MD
LG