Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýete garşy sanksiýalary ýatyrmakda özüniň "açykdygyny" aýdýar


Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp
Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň saýlanan prezidenti Donald Tramp «Wall Street Journala» özüniň Orsýete garşy girizilen ABŞ sanksiýalaryny häzirlikçe ornunda galdyrjakdygyny aýtdy.

Ýöne ol, eger Orsýet Birleşen Ştatlara ýardamçy bolan ýagdaýynda, bu sanksiýalary aýyrmaga açykdygyny hem sözüne goşdy.

13-nji ýanwarda çap edilen bir sagatlyk söhbetdeşlikde Tramp özüniň Taýwan babatynda onlarça ýyllap eýerilen «Bir Hytaý» syýasatyna gol ýapmajakdygyny hem aýtdy.

Tramp döwletiň iň uly strategik bäsdeşleri bolan Orsýet we Hytaý barasynda, söwda, terrorçylyga garşy göreş we beýleki meseleler boýunça ozalky ABŞ syýasatlarynyylalaşyk gazanmak üçin tutaryk edinjekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG