Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Obama Orsýete garşy sanksiýalaryň möhletini uzaltdy


 Prezident Barak Obama
Prezident Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 13-nji ýanwarda, Orsýetiň garşysyna Krymy anneksiýa edendigi we Ukrainadaky agressiýasy üçin girizilen amerikan sanksiýalarynyň möhletini ýene bir ýyl, 2018-nji ýylyň martyna çenli uzaltdy.

Bu çäre saýlanan prezident Donald Trampyň bu sanksiýalary Obama wezipeden gideninden soň, 20-nji ýanwarda, prezident wezipesine girişende ýatyrmagyny kynlaşdyrmak üçin görlene çalym edýär.

Tramp özüniň Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmak isleýändigini we bu sanksiýalara gaýtadan seretmekçidigini aýdypdy. Emma onuň saýlan hökümet agzalarynyň birnäçesi şu hepde özleriniň Orsýete garşy girizilen sanksiýalary goldaýandyklaryny aýtdylar.

Prezident Obama 2017-nji ýylyň martynda möhleti tamam bolýan sanksiýalary uzaldyp, Orsýetiň hökümetiniň we beýleki guramalaryň, Ukrainada güýç ulanmak arkaly, «Ukrainadaky demokratik prosesi we guramalary gowşadýandygy üçin» nyşana alnandygyny belledi.

.

XS
SM
MD
LG