Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Yslam döwleti" topary Siriýada hüjüme başlady


 Deir al-Zordaky harabalar
Deir al-Zordaky harabalar

«Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri 14-nji ýanwarda soňky aýlarda Siriýanyň hökümet elindäki ýerlerine, Deir al-Zor şäherinde iň uly hüjümlerine başladylar. Bu barada gözegçi topar habar berýär.

Siriýanyň düýbi Londonda ýerleşýän adam hukuklary obserwatoriýasynyň maglumatyna görä, jeňçiler bilen hökümet güýçleri çaknyşanda azyndan alty sany şäheri sarsdyran partlama boldy.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi YD toplarynyň hökümet güýçleriniň elindäki ýerlerde üç adamy öldürendigini, dokuz adamy bolsa ýaralandygyny habar berdi.

Siriýanyň uruş uçarlary YD jeňçileriniň pozisiýalaryna zarba urdy.

YD Deir al-Zor welaýatynyň köp ýerini kontrolda saklaýar we 2014-nji ýyldan bäri paýtagtyny hem elden gidermeýär.

XS
SM
MD
LG