Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bank pudagynyň öňünde goýlan maksatlary kesgitledi


Turkmenistan. weekly photos 3rd (Hepte) week. in front of dayhan bank people waiting in the queue
Turkmenistan. weekly photos 3rd (Hepte) week. in front of dayhan bank people waiting in the queue

2017-nji ýylda Türkmenistanyň bank pudagynyň öňünde goýlan maksatlar inflýasiýany saklamak we ýurtda ýeterlik maliýe serişdeleriň üpjünçiligini pul dolanyşygyna gözegçilik etmek arkaly amala aşyrylar. Bu barada Türkmenistanyň hökümetiniň geçiren soňky maslahatynda aýdyldy.

“Puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberlerden ýokary geçirmän saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde pul serişdeleri bilen üpjün etmek, öňküsi ýaly, bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeler” diýlip, resmi habarda bellenilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky manadyň resmi hümmetini durnukly saklap gelýär. 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri ýurtda 1 amerikan dollarynyň resmi bahasy 3,50 manat derejesinde durnukly saklanyp gelýär.

Geçen ýylyň dowamynda dollaryň “gara bazaryndaky” nyrhy tas iki esse gymmatlap, häzirki wagt 1 amerikan dollaryny elden ortaça 7 manada satyn alyp bolýar.

Şeýle-de, geçen ýylyň ýanwar aýynyň 12-nden başlap, dollaryň nagt görnüşindäki resmi söwdasy doly ýatyryldy. Telekeçileriň daşary ýurtlar bilen edýän söwdasyna çäklendirmeler girizildi.

XS
SM
MD
LG