Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Türk uçarynyň ýykylmagy netijesinde azyndan 30 adam öldi


Gyrgyzystan: Türk uçarynyň ýykylmagy netijesinde azyndan 30 adam öldi. 16-njy ýanwar, 2017 ý.

16-njy ýanwarda Türkiýäniň kargo, ýagny ýük uçary Gyrgyzystanyň Manas aeroportynyň golaýyndaky obada ýere ýykyldy. Bu wakanyň netijesinde azyndan 37 adam öldi diýip, Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi habar berýär.

Bu uçar ýerli wagt bilen sagat 07:31 töweregi heläkçilige uçrady. Wakada heläk bolanlaryň aglabasy Daça-Suu obasynyň ýaşaýjylarydyr.

Uçaryň ekipaž agzalarynyň azyndan dört sanysy ölenleriň arasynda bolup, bir pilotyň jesedi henize çenli tapylmady diýlip, ministrligiň habarynda nygtalýar.

Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew uçar heläkçiliginde pida bolanlaryň hatyrasyna 17-nji ýanwary milli ýas güni diýip yglan etdi diýlip, gazak prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Uçar heläkçiliginiň bolan ýerinden ugradylan suratlarda “Boeing 747” kysymly uçaryň öň tarapynyň Bişkegiň golaýynda ýerleşýän obadaky kerpiç jaýa girendigini görse bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG