Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lawrow Trampyň administrasiýasy bilen stategik durnuklylygy gepleşmäge taýýar


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp wezipesine geçenden soň onuň administrasiýasy bilen strategik durnuklylygy, şol sanda ýardo ýaraglary bilen bagly meseleler boýunça dialoga gatnaşjakdygyny aýtdy.

17-nji ýanwarda Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda Lawrow diskussiýanyň aýratyn temalarynyň sesiň çaltlygyndan hem güýçli ýaraglar, ABŞ-nyň Ýewropada döredýän raketadan goranyş sistemasy, kosmiki ýaraglar we ýadro ýaraglaryň synaglary bilen bagly meseleleri öz içine alyp biljekdigini belledi.

Lawrow Orsýetiň Trampyň 20-nji ýanwarda weipesine geçmeginden soň onuň administrasiýasy bilen duşuşyga taýýardygyny aýtdy.

Donald Tramp 15-nji ýanwrada “The Times of London” neşrinde we Germaniýany “Bild” gazetinde çap edilen interwýusynda "olaryň Orsýet babatynda sansksiýalary bar – geliň seredep göreli, eger biz Orsýet bilen gowy gatnaşyk edip bilsek. Bir tarapdan, men ýadro ýaraglar azalmaly we duýarlykly derejede çäklenmeli diýip pikir edýärin” diýdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG