Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Edward Snowdeniň Orsýetde galmagyna rugsadyň möhleti uzaldyldy


Edward Snowden
Edward Snowden

Moskwa ABŞ-nyň howpsuzlyk gullugynyň maglumatlaryny paş eden Edward Snowdeniň Orsýetde galmagyna rugsadyny uzaldandygyny aýtdy.

"Snowdeniň Orsýetde galmagy ýene bir-iki ýyla uzaldyldy” diýip, Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Maria Zaharowa 18-nji ýanwarda eden çykyşynda aýtdy.

Snowden Milli Howpsuzlyk agentliginde işlän döwründe toplan 1.5 milliona golaý maglumaty ýaýratmagyndan soň 2013-nji ýylda ABŞ-ny terk etdi we Orsýetde wagtlaýyn gaçybatalga sorady.

Paş edilen maglumatlar agentligiň käbir programmalarynyň kanuna gabat gelip-gelmezligi barada çekeleşikleri döretdi we käbirler ABŞ-nyň öz ýaranlaryny yzarlaýandygy barada aladalanmalary bildirdiler.

17-nji dekabrda Ak Tam prezident Barak Obamanyň ABŞ-nyň gizlin dokumentlerini WikiLeaksa bermekde aýyplanyp, 35 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Çelsea Manningiň jezasyny gowşadandygyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG