Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko Trampyň Ukrainanyň Orsýete garşy göreşini goldajagyna ynam baglady


Petro Poroşenko “Wall Street Journal”, “Bloomberg” neşirlerine we Reuters agentligine interwýu berdi, Şweýsariýanyň Dawos şäheri, 18-nji ýanwar, 2017.
Petro Poroşenko “Wall Street Journal”, “Bloomberg” neşirlerine we Reuters agentligine interwýu berdi, Şweýsariýanyň Dawos şäheri, 18-nji ýanwar, 2017.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Trampyň Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmak islegine garamazdan, onuň Ukrainanyň Orsýetiň agressiýasyna garşy göreşini goldajagyna ynam baglady.

18-nji ýanwarda Şweýsariýanyň Dawos şäherinde ykdysady sammitde “Wall Street Journal”, “Bloomberg” neşirlerine we Reuters agentligine beren interwýusynda Poroşenko Trampyň teklip eden hökümet dalaşgärleriniň geçen hepdede eden çykyşlarynyň optimizme esas döredendigini belledi.

“Biz ABŞ tarapyndan berk we bitarap goldawa daýanýarys” diýip Poroşenko aýtdy.

“Men ABŞ bilen hyzmatdaşlygymyzyň örän netijeli boljagyna doly ynanýaryn” diýip, Ukrainanyň prezidenti aýtdy.

Poroşenko indiki aýda Waşingtona sapar etmegi we Tramp bilen duşuşmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG