Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Bazar partlamasynda 21 adam öldi


Paraçynar, howpsuzlyk ofiseri barlag geçirýär. 21-nji ýanwar, 2017.

21-nji ýanwarda Pakistanyň demirgazyk-günbatar tire guşagynda, esasan şaýylaryň ýaşaýan ýerinde bolan bomba partlamasynda ölenleriň sany 21-e ýetdi.

Bu partlama Kurram tire etrabynyň Paraçynar şäherinde, mähelleli bazarda boldy. Resmiler partlama netijesinde 40-dan gowrak adamyň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Partlama elde ýasalan we gök önüm gapyrjagynda gizlenen enjam sebäp boldy diýip, Paraçynardaky uly derejeli hökümet resmisi Ikramullah Khan AFP habar gullugyna aýtdy.

Ölenleriň sanynyň köpelmeginden alada edilýär.

XS
SM
MD
LG