Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşington: Zorlukly protestler üçin 217 adamy tussag edildi


Prosestçiler bir topar maşyna we zibil çelegine ot berdiler.

Waşington häkimiýetleri Donald Trampyň ABŞ-nyň 45-nji prezidenti hökmünde inagurasiýa edilmegine garşy geçirilen protestler mahalynda ýüz uran zorluklary üçin azyndan 217 adamy tussag edendiklerini aýtdylar.

Tussag edilenlere wandalizm we kanun goraýjy ofiserlere garşy zorluk ulanmak aýyplamasy bildirildi diýip, Waşingtonyň häkimi 20-nji ýanwardaky inagurasiýa çäreleri tamam bolandan soň aýtdy.

Polisiýa inagurasiýa paradynyň geçýän ýeriniň demirgazyk tarapynda bidüzgünçilik edýän 100 çemesi protestçini dargytmak üçin burç çüwdürimelrini we beýleki usullary ulandy. Bu zorluk müňlerçe adamyň gatnaşan parahat protestlerine kölege saldy.

Zorlukly protestçiler gara eşik geýip, kerpiç zyňyp, "Starbucks" kafeleriniň, "Bank of America" bankynyň ofisleriniň, McDonald's restoranlarynyň aýnalaryny çekiçlediler, gazet çeleklerini weýran edip, bir topar maşyna we zibil çelegine ot berdiler.

XS
SM
MD
LG