Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň pul kynçylyklary


Türkiede okaýan türkmen studentleri.

Türkmenistanda daşary ýurtdaky türkmen talyplaryna banklaryň üsti bilen pul ugratmak düzgünlerine goşmaça çäklendirmeler girizilipdi.

Şu ýylyň başyndan başlap ýola goýlan täze düzgünlere görä, daşary ýurtda bilim alýan çagasyna pul ugratmakçy bolýan ene-ata bankyň üsti bilen her aýda diňe 1000 dollar möçberinde pul geçirip bilýär. Bu çäkli puly geçirmek üçin hem ene-ata ugradýan pulunyň möçberinde aýlyk alýandygy barada işinden ýörite güwanama görkezmeli. Ýagny, ene-atalar diňe öz alýan aýlyk hakynyň ýa-da pensiýasynyň möçberine görä çäklendirilen mukdarda pul ugradyp bilýärler.

Türkmenistanda güýje girizilen täze çäklendirmeler daşary ýurtlarda okaýan studentleriň durmuş şertlerine nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda Ýewropada okaýan türkmen studenti Bahar we Türkiýedäki türkmen studenti Myrat bilen daşary ýurtlarda okaýan studentleriň, şol bir wagtyň özünde-de olaryň maşgalalarynyň pul kynçylyklary barasynda gürrüňdeşlik geçirýär.

Daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri bilen gurnalan gepleşigi diňläp, bu ugurdaky öz tejribeleriňizi dünýä türkmenleri bilen paýlaşmak isleýän bolsaňyz, teswir ýazyp bilersiňiz.

Daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň pul kynçylyklary
please wait

No media source currently available

0:00 0:09:58 0:00

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG