Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Merkezi aňtaw gullugyna 'arka durjagyny' aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Merkezi aňtaw gullugynyň edarasynda söz sözleýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp CIA-iniň, Merkezi aňtaw gullugynyň Länglidäki, Wirjiniadaky baş edarasyna baryp, ol ýerdäki 400 çemesi işgäre öz goldawyny wada berdi we"Men 1,000 prosent siz bilen" diýdi.

Trampyň 21-nji ýanwarda, özüniň birinji doly iş gününde aýdan sözleri onuň ABŞ-nyň aňtaw jemagaty bilen aralykdaky haýaty bejermek synanşygy hökmünde görüldi.

Tramp ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň Orsýetiň oňa amerikan saýlawlarynda ýeňiş gazanmaga kömekleşmäge synanyşandygy baradaky hasabatyny il ortalaýyn ret edipdi.

Şeýle-de Tramp, geçen hepde Kremliň Trampyň Moskwa sapary mahalynda toplandygy aýdylan tassyklanmadyk kiçeldiji maglumatlary barada çykan metbugat habarlaryndan soň, Merkezi aňtaw gullugyny berk tankyt edipdi.

Tramp «aňtaw agentliklerini» «galp habarlaryň» jemgyýetçilige «syzyp çykmagynda» günäledi we «Biz nasistik Germaniýada ýaşaýarysmy?» diýip sorady.

Emma ol 21-nji ýanwarda Merkezi aňtaw gullugynyň işgärlerine olaryň hakykatdanam aýratyn we haýran galmaly adamlardygyny, «özüniň olaryň arkasynda durýandygyny» aýtdy.

Şeýle-de Tramp özüniň metbugat bilen söweş gurýandygyny, ýer ýüzündäki iň ýalançy adamlaryň žurnalistleriň arasyndadygyny aýtdy.

Tramp Merkezi aňtaw gullugy üçin baş wezipäniň «Yslam döwleti» terrorçy toparyna garşy göreş bolmalydygyny, «radikal yslam terrorçylygynyň» ýok edilmelidigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG