Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Berdimuhamedow Lebap welaýatyna sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna bardy.

Resmi maglumatlarda prezidentiň welaýata baran badyna wise-premýerler, harby we kanuny goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi bilen geçiren iş maslahatynda “regionyň sosial-ykdysady ösüşine, onuň senagat, tebigy resurslar we tranzit-transport taýdan potensialynyň durmuşa geçirilmegine degişli giň göwrümli meseleleriň” orta atylandygy aýdyldy.

Hususan-da maslahatda Lebap welaýatynda gurulýan kaliý önümlerini öndürýän Garlykdaky dag-magdanlary baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygyna aýratyn üns berildi. Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Belarusyň bilelikde amala aşyrýan gurluşygynyň tamamlanmagynyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň we Belarusyň arasynda 2009-njy ýylda gol çekilen ylalaşygyň esasynda gurulýan umumy bahasy 1 milliard dollarlyk kombinatyň şu ýylyň 31-nji martyna çenli tamamlanjagy resmi derejede yglan edildi. Başda bu proýektiň 2015-nji ýylda ulanylyşa tabşyrylmagy planlaşdyrylypdy.

Türkmenistanyň döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik saýlawlaryna üç hepde galanda Lebap welaýatyna edýän bu iş sapary onuň Mary we Balkan welaýtlaryna eden saparlarynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG