Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan çykyş wizany ýatyrmak planyny mälim etdi


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaew

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaew raýatlaryň ýurduň daşyna syýahat etmegi üçin hökümetden rugsat almak boýunça uzak wagtlap dowam edýän düzgüni ýatyrmak planyny mälim etdi.

Hökümetiň websaýtlarynda çap edilen prezidentiň kararynda çykyş wizasynyň aprel we iýun aýlarynyň arasynda ýatyryljagy görkezilýär.

Özbegistanda sowet döwründen bäri saklanyp galan çykyş wiza düzgüni ýurduň daşyna çykmak isleýän özbegistanlylar üçin dürli kynçylyklary döredipdi. Ýurduň daşyna çykmak üçin çäkli möhletli, pul çykdajyly rugsatnama eýe bolmak üçin dürli býurokratik düzgünleriň berjaý edilmegi zerur.

Özbegistan öz raýatlaryndan çykyş wizasyny talap edýän ýeke-täk sowet ýurdy bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG