Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedindäki obanyň başlygy çaknyşykda ýaraly bolandygyny aýdýar


Gyrgyzystanyň Kok-Taş obasy

Gyrgyzystanyň Täjigistan bilen serhediniň golaýyndaky obasynyň ýolbaşçysy serhet ýakasynda ýaşaýan gyrgyzlaryň we täjikleriň arasynda dörän çaknyşyklardan soň özüniň keselhana düşendigini aýdýar.

Kok-Taş obasynyň başlygy Razia Osorowanyň 23-nji ýanwarda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol serhet ýakasyndaky iki obanyň ýaşaýjylarynyň arasyndaky çaknyşygy zerarly urulyp-ýenjilipdir.

Täjigistanyň Isfara etrabynyň resmileriniň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, çaknyşygyň netijesinde täjik raýatlarynyň üçüsine medisina kömegi berilipdir.

Serhediň iki tarapynda ýaşaýan ýerli ýaşaýjylaryň onlarçasynyň çaknyşygynda adamlar bir-birini daşlap, hususy jaýlara, awtoulaglara zeper ýetirdiler, diýip Gyrgyzystanyň Serhede gözegçilik boýunça gullugy habar berdi we häzirki wagtda ýagdaýyň durnuklydygyny mälim etdi.

Köp ilatly serhet ýakasyndaky regionlaryň ilatynyň arasynda çaknyşyklar wagtal-wagtal döredýär. Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň arasyndaky serhediň ençeme bölegi 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargaly bäri dawaly bolmagynda galýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG