Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml Putiniň we Trampyň telefon gepleşiginiň gününiň tiz wagtda kesgitlenjegini aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), birleşdirilen surat
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s), birleşdirilen surat

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň metbugat-wekili Kremliň Putiniň we ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň arasynda telefon gepleşiginiň geçiriljek gününiň tiz wagtda kesgitlenmegine garaşýandygyny aýdýar.

Dmitriý Peskowyň 23-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Orsýetiň Daşary işler ministrligi Trampyň 20-nji ýanwarda ABŞ-nyň prezidenti wezipesine geçmeginden soň iki ýurduň prezidentleriniň arasyndaky ilkinji gepleşikleri geçirmek barada Waşington bilen ylalaşýar.

“Biz telefon söhbetdeşliginiň gününiň gysga wagtda koordinirlenmegine garaşýarys” diýip, Peskow žurnalistlere aýtdy.

Peskow Putiniň we Trampyň ilkinji duşuşygynyň haçan boljagy barada özünde “hiç hili informasiýanyň” ýokdugyny aýtdy.

Şeýle-de Peskow Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň arasynda yslamçy söweşijilere garşy göreş boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň detallary barada gürrüň etmek üçin hem irdigini belledi.

Tramp ABŞ-nyň Orsýet bilen ýaramazlaşan gatnaşyklarynyň gowulandyrylmagyna umyt baglaýandygyny aýdypdy.

Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň we Orsýetiň bähbitleriniň “gabat gelýändigi aýan” diýip, Moskwanyň Trampyň administrasiýasynyň takyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG