Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrundaky gepleşikler başlandy


BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Mistura (ortada) Eýranyň resmi topary bilen duşuşýar, Astana, 23-nji ýanwar, 2017.

Siriýadaky graždan urşunda ok atyşygyň bes edilmegini berkitmek maksadyna gönükdirilen gepleşikler Gazagystanyň paýtagty Astanada başlandy.

23-nji ýanwarda başlanan gepleşiklere Siriýanyň hökümetiniň we oppozisiýasynyň resmi toparlary gatnaşýarlar, emma olar bir-birine göni ýüzlenmeýärler.

Oppozisiýanyň metbugat-wekili gepleşikleriň birinji duşuşygynyň ýüzbe-ýüz geçmeýändigini, ok atyşygy bes etmek barada dekabrda gazanylan ylalaşygy hökümet güýçleriniň bozmagynyň güman edilmeginiň muňa sebäp bolýandygyny AFP agentligine aýtdy.

Siriýanyň hökümetiniň resmi toparynyň baştutany Başar al-Jaafari “syýasy prosese” gyzyklanma bildirýän oppozision toparlary “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” ýaly toparlardan bölmegiň zerurdygyny belledi.

Gepleşikler Orsýetiň, Eýranyň we Türkiýäniň ýardam bermeginde we ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçisiniň we BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Misturanyň gözegçiliginde geçýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG