Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kadyrow çeçenistanlylaryň Siriýada gulluk edýändigini tassyklady


Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow

Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony Çeçenistanyň ýolbaşçysy Ramzan Kadyrow çeçenistanlylaryň Siriýada gulluk edýändigini tassyklady.

Kadyrowyň 24-ni ýanwarda Instagram sosial ulgamynda ýazmagyna görä, çeçen müftüsi Salah-Hajy Mezhiýew we Kadyrowyň ýakyn ýarany Orsýetiň parlamentiniň agzasy Adam Delimhanow ýakynda Siriýadan gaýdyp gelipdir.

Kadyrow agzalan iki adamyň Orsýetiň goranmak ministrliginiň harby polisiýa batalýonuna sapar edendigini we “ol ýerde Çeçenistandan ýaşlaryň gulluk edýändigini” mälim etdi.

Dekabr aýynda peýda bolan media maglumatlarynda Çeçenistanyň ýörite polisiýa güýçleriniň kenarýaka Latakia şäheriniň golaýyndaky Orsýetiň Hmeimim howa bazasyny goramak üçin Siriýa iberilendigi habar berlipdir. Kadyrow şonda bu maglumatlary ret edipdi.

Kadyrowyň 24-nji ýanwarda çap eden maglumatynda Mezhiýewiň we Delimhanowyň prezident Başar al-Assadyň dogany Maher al-Assad bilen we baş harby ýolbaşçylary bilen duşuşandygy aýdyldy.

Orsýet Siriýanyň hökümetine uly diplomatik we harby ýardamyny berip gelýär. Siriýada alty ýyl bäri dowam edýän uruş zerarly 300 müňden gowrak adam wepat boldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG