Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Trampy amerikan goşunlaryny Owganystandan çykarmaga çagyrdy


ABŞ-nyň goranmak seretary James Mattis (sag tarapdan ikinji) ABŞ-nyň harby-deňiz generaly bolan döwründe, Owganystan, 1-nji dekabr, 2001.

“Talyban” ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy amerikan goşunlaryny Owganystandan çykarmaga çagyrdy we ony 15 ýyllap ýykan-ýumranlyk we ölüm getirýän “batgalyk” diýip atlandyrdy.

Tramp Owganystan boýunça syýasatynyň nämeden ybaratdygyny hiç wagtda anyklaşdyrmandy, emma amerikan goşunlarynyň ýurtda galmagyny goldaýandygyny aýdyp, Owganystan boýunça uly tejribä eýe bolan iki öňki generaly howpsuzlyk bilen bagly ýokary wezipelere belläpdi.

ABŞ-nyň täze prezidenti Donald Trampa ýazylan we “Talybanyň” websaýtynda 23-nji ýanwarda çap bolan hatda 15 ýylyň dowamynda milliardlarça dollar sarp edilip, ýagdaýyň soňsuz we çylşyrymly galmagy sebäpli ABŞ-nyň ynamy ýitirendigi aýdylýar.

“Bu urşuň soňuna çykylmagynyň jogapkärçiligi siziň egniňizde galýar” diýlip “Talybanyň” hatynda aýdylar.

“Talyban” ABŞ-nyň we onuň ýaranlarynyň Owganystany terk etmegine yzygiderli çagyryş edip gelýär we halkara goşunlary Owganystany terk edýänçä Kabul bilen gepleşikleri ret edýär.

Trampyň dünýädäki uruşlara garaýyşlary gapma-garşy boldy. Ol ABŞ-nyň öňki administrasiýasynyň musulman ýurtlardaky uruşlara çemeleşmek boýunça syýasatyny tankyt etdi, şol bir wagtda-da dünýä ýüzünde yslamçy söweşijileri ýok etmegi wada berdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG