Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Kaspersky Lab” kompaniýasynyň howpsuzlyk boýunça ýolbaşçysy tussag edildi


Orsýetiň kiberhowpsuzlyk boýunça ady belli “Kaspersky Lab” kompaniýasynyň edarasy, Moskwa, 2013.

Orsýetiň kiberhowpsuzlyk boýunça ady belli “Kaspersky Lab” kompaniýasy derňew bölümine ýolbaşçylyk eden müdiriniň tussag edilendigini aýdýar.

25-nji ýanwarda çap bolan beýannamada “Kasperski Lab” kompaniýasynyň metbugat-wekili Mariýa Şirokowa Ruslan Stoýanowyň dekabr aýynda tussag edilendigi barada Orsýetiň “Kommersant” neşrinde çap bolan maglumaty tassyklady.

“Kommersant” Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) ýakyn ady görkezilmedik çeşmesine salgylanyp, Stoýanowyň tussag edilmeginiň FSB-niň Informasiýa howpsuzlygy merkeziniň ýolbaşçysy Sergeý Mihaýlow babatyndaky derňewler bilen baglydygyny, onuň hem dekabr aynda tussag edilendigini habar beripdi. Maglumatda agzalan adamlaryň döwlete dönüklikde aýyplanýandygy aýdylýar.

“Kaspersky Lab” kompaiýasy kiber howpsuzlygyna degişli meseleler boýunça FSB bilen 2013-ni ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG