Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň demirgazygynda 27 çaga sowukdan heläk boldy


Owganystanyň Jowzjan welaýaty
Owganystanyň Jowzjan welaýaty

Güýçli gar we sowuk howa Owganystanyň demirgazygynda çet ýerde ýerleşýän etrapda 27 çaganyň ölümine sebäp boldy.

Howanyň minus 10 gradusa çenli sowamagynda, ýarym metrlik gar Jowzjan welaýatynyň Darzaab etrabyna barýan ýoly böwetledi diýip, etrabyň häkimi Rahmatullah Hashar 26-njy ýanwarda aýtdy.

Hashar bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň heläk bolmagy bilen bagly ýagdaýyň soňky üç günüň dowamynda ýüze çykandygyny aýtdy. Şeýle-de, owgan resmisiniň aýtmagyna görä, obalara barýan ýollaryň kesilmegi sebäpli heläk bolanlaryň sanynyň has ýokary bolmagy ähtimal.

Welaýatyň häkiminiň metbugat wekili Reza Ghafoori kömegiň ýetiriljegini aýtdy.

Her ýylyň gyşynda güýçli gar, aýazly howa we gar syrgyny Owganystanda ençeme adamyň ölümine sebäp bolýar, infrastrukturanyň gowşaklygy halas edijileriň çetdäki obalara barmagyna päsgel berýär.

XS
SM
MD
LG