Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň DIM-i Eýranyň resmisiniň çykyşyna nägilelik bildirdi


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Araginiň Tähranyň we Aşgabadyň arasynda gaz söwdasy bilen bagly meselede dörän “maliýe dawalar” barada eden çykyşyna nägilelik bildirdi.

Daşary işler ministrligi öz beýannamasyny Arakiniň soňky günlerde metbugatda eden çykyşlary bilen baglylykda ýaýradandygyny habar berýär we türkmen tarapynyň gaz söwdasy boýunça şertnamadaky borçlaryny berk ýerine ýetirendigini we Eýrana gazyň yzygiderli akdyrylmagyny üpjün edendigini beýan edýär.

“Mundan tapawutlylykda Eýranyň milli gaz kompaniýasy uzak wagtyň dowamynda “al ýa-da töle” prinsipini bozup, türkmen gazyny zerur möçberde kabul etmedi. Üstesine, EMGK-niň şertnamadaky öz maliýe borçlaryny berjaý etmezliginiň netijesinde häzirki wagtda kompaniýanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň öňünde uly bergisi emele geldi” diýlip Türkmenistanyň DIM-niň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Beýannamada Araginiň çykyşy “obýektiw däl” we “tendensioz” diýlip atlandyryldy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň başlygy Hamidreza Aragi 24-nji ýanwarda geçirilen metbugat-konferensiýasynda Türkmenistanyň ýylyň başynda Eýrana akdyrýan gazyny kesmegi bilen baglylykda Tähranyň “Türkmengaz” kompaniýasy babatynda kanun taýdan çäre görmäge başlajagyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG