Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň we Putiniň telefon arkaly gepleşmegine garaşylýar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (ç) we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s)

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 28-nji ýanwarda telefon arkaly gepleşmegine garaşylýar diýip, TASS agentligi Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskowy sitirleýär.

Tramp 20-nji ýanwarda prezident wezipesine geçeli bäri bu ilkinji telefon gepleşigidir.

Peskow Putiniň we Trampyň ilkinji duşuşygynyň haçan boljagy barada “hiç hili informasiýanyň” ýokdugyny aýdypdy. Peskow prezidentleriň ilkinji gepleşigi barada Orsýetiň daşary işler ministrliginiň şu hepdäniň başynda Waşington bilen habarlaşandygyny aýtdy.

Tramp Orsýet bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga umyt baglapdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň we Orsýetiň bähbitleriniň “gabat gelýändigi aýan” diýdi we Moskwanyň Trampyň administrasiýasynyň takyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG