Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan goşunynyň hataryna has kän zenan alnar


Owganystan, zenan esgerler
Owganystan, zenan esgerler

Owganystanyň Goranmak ministrligi ýurduň Milli goşunynyň hatarynda gulluk edýän aýallaryň sanyny harbylaryň 10 prosentine çenli köpeltmek isleýändigini aýdýar.

Goranmak ministrliginiň sözçüsi Mohammad Radmaneş 27-nji ýanwarda hökümetiň bu ugurda birnäçe çäre görendigini, şol sanda aýallary harby gulluga çekmek üçin ýörite aýlyk derejelerini belländigini, bu işleriňgoşuna has kän aýalyň goşulmagy üçin edilýändigini aýtdy.

"Häzirki pursatda bizde goşun hatarynda 1,575 owgan zenany gulluk edýär, bu kän zat däl, ýaragly güýçleriň bary-ýogy 3-4 prosentine barabar" diýip, Radmaneş aýtdy.

"Biz goşundaky aýallary 10 prosente çenli köpeltmegi maksat edinýäris" diýip, Radmaneş häzir Goranmak ministrliginiň desgalarynda 400 çemesi zenanyň goşuna goşulmak üçin tälim alýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG