Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbäniň öňki häkimi derňelýär


Mahmadsaýid Ubaýdulloýew
Mahmadsaýid Ubaýdulloýew

Derňewçiler Duşenbäniň öňki häkimi Mahmadsaýid Ubaýdulloýewiň edarasynyň işini derňeýärler.

Iki hepde ozal bu wezipä Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň ogly bellendi.

Täjigistanyň korrupsiýa garşy agentliginiň başlygynyň orunbasary Iliyos Idriszoda 27-nji ýanwarda özleriniň Ubaýdulloýewiň paýtagta uzak ýyllap häkimlik eden döwründe häkimligiň işgärleri tarapyndan döwlet serişdeleriniň ogurlanmak ähtimallygy barada deslapky derňewe başlandyklaryny aýtdy.

Idriszoda žurnalistlere derňewiň Duşenbäniň birnäçe ýaşaýjysyndan gelen şikaýat esasynda başlanandygyny, olaryň ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin goýberilen döwlet serişdeleriniň nädogry ulanylan bolmagyndan alada bildirendiklerini gürrüň berdi.

64 ýaşyndaky Ubaýdulloýew 19 ýyl häkim boldy we parlamentiň ýokarky palatasynyň başlygy bolup durýar. Ol Täjigistanda prezidentden soň ikinji ýolbaşçy hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG