Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň ilçisi BMG-de üýtgeşiklik döretmegi wada berýär


ABŞ-nyň täze ilçisi Nikki Haliý BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres bilen.
ABŞ-nyň täze ilçisi Nikki Haliý BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres bilen.

ABŞ-nyň BMG-däki täze ilçisi Nikki Haliý dünýä guramasyny düýpli bejermegi wada berdi we ABŞ ýaranlaryna, eger olar Waşingtony goldamasalar, özüniň olaryň «atlaryny bellejekdigini» we jogap sorajakdygyny duýdurdy.

Ol 27-nji ýanwarda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrese ynanç hatyny gowşuranyndan soň žurnalistlere "Biz netije berýän ähli çäräni has gowulaşdyrarys, netije bermeýän çäreleri düzetmäge çalşarys, könelişen we zerur bolmadyk çärelerden bolsa el çekeris ” diýdi.

Täze ilçi Guterres bilen duşuşanyndan soň bir kömekçi olaryň bilelikde işleşmek we BMG-ni reforma etmek barada gowy, konstruktiw maslahat edendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG