Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudýa immigrasiýa gadaganlygy esasynda aeroport deportasiýalaryny togtatdy


Tramp immigrasiýa "barlagy" buýrugyna gol çekýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Tramp immigrasiýa "barlagy" buýrugyna gol çekýär

Birleşen Ştatlaryň federal sudýasy prezident Donald Trampyň hökümet kararyndan soň Amerikanyň uçar meýdanlaryna kanuny wizaly gelen adamlaryň deportasiýa edilmegini togtatmak barada adatdan daşary buýruk çap etdi.

Nýu-Ýorkdaky etrap sudýasy Ann Donnelliniň 28-nji ýanwarda çykaran karary serhet gullukçylarynyň Birleşen Ştatlara möhleti geçmedik wizalary, tassyklanan bosgun arzalary bilen gelen adamlaryň, şeýle-de Trampyň hökümet kararynyň nyşana alýan ýurtlaryndan Birleşen Ştatlara girmegine kanuny ygtyýar berlen beýleki şahslaryňyzyna iberilmegini gadagan etdi.

Bu karar Amerikanyň Graždan azatlyklary birleşiginiň aklawçylary suda Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi aeroportynda tussag edilen iki yraklynyň adyndan petisiýa bilen ýüz tutanlaryndan soň kabul edildi.

Amerikanyň Graždan azatlyklary birleşigi bu kararyň Birleşen Ştatlaryň aeroportlarynda ýa-da olaryň üstünden geçip barýan 200 çemesi adama täsir etjekdigini aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň Içerki howpsuzlyk departamenti (IHD) 29-njy ýanwarda irden bu kararyň ýerine ýetiriş aksiýasyna tutuşlygyny täsir etmejekdigini aýtdy.

"Prezident Trampyň hökümet karary öz güýjünde galýar, gadagan edilen syýahat gadagan edilen bolar, onsoň ABŞ-nyň hökümeti, eger muny milli howpsuzlyk we jemgyýetçilik howpsuzlygy talap etse, wizalary islendik wagtda ýatyrmak hukugyny özünde saklaýar" IHD-nyň beýanatynda aýdylýar.

Içerki howpsuzlyk departamenti (IHD) täze girizilen emigrasiýa gadaganlygy başlanaly bäri ilkinji 23 sagatda Birleşen Ştatlara girmekçi bolan 109 adamyň ýurt içine goýberilmändigini aýtdy.

Suduň karary prezident Donald Trampyň esasan musulmanlardan durýan ýedi ýurtdan sapara gelýän adamlary “berk barlamak” baradaky karary ABŞ-nyň käbir aeroportlarynda bidüzgünçilige getirip, protestleriň möwjäp galmagyna itergi bereninden soň kabul edildi we kanun synaglarynyň ilkinji bökdençligi boldy.

Ýurdy “daşary ýurt terrorçylaryndan” goramak wadasyny berip, Tramp 27-nji ýanwarda esasan musulmanlardan durýan ýedi ýurtdan immigrant kabul edilmegini 90 günlük, täze berk barlag prosesi ýola goýulýança togtatmagy buýurdy.

Şübhe astyna alnan ýedi ýurt

Gadaganlyga girizilen ýurtlar Eýran, Yrak, Liwiýa, Somali, Siriýa, Sudan we Ýemen bolup durýar.

Bu ýagdaý derhal ABŞ-nyň käbir kanuny ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 28-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça aeroportlarda saklanmagyna we birnäçe uçar meýdanynyň daşynda protest bildirilmegine getirdi.

Şol bir wagtda,“New York Times” gazetiniň 27-nji ýanwar gijesi başlanandygyny aýdan ýowuz çäreleri esasynda anyk näçe syýahatçynyň saklanylandygy aýdyň däl.

Tramp özüniň immigrasiýa garşy gören “örän berk” çäreleriniň häzire çenli üstünlikli bolandygyny aýdyp, öz diýenine tutdy.

“Bu örän ajaýyp netije berýär. Siz olary aeroportlardan görüp bilersiňiz, siz olary dolulygyna görersiňiz" diýip, Tramp žurnalistlere aýtdy.

Ilkinji resmi kanun gaýtawuly Brukliniň federal sudundan, ABŞ goşunlary bilen gatnaşykda bolan we Nýu-Ýorkuň JFK aeroportynda tussag edilen iki yrakly babatynda geldi.

Sud olaryň ABŞ goşunlary bilen hyzmatdaşlyklary sebäpli Yrakda nyşana öwrülendiklerini, şol bir wagtda-da Birleşen Ştatlara gelmek üçin kanuny wizalarynyň bardygyny aýtdy.

Ol erkekleriň ikisi hem şol gün giçlik boşadyldy, emma demokrat kongresmen Jerrold Nadleriň sözlerine görä, azyndan 10 sany başga adam JFK-da tussaglygyna galdy. Nadler bu ýere şol ilkinji iki tussagyň boşadylmagyna basyş etmek üçin bardy.

Daşary ýurtlaryň reaksiýalary

Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý bu çäklendirmeler «razylaşmaýandygyny» aýtdy we eger britan raýatlaryna täsir etse, Birleşen Ştatlara şikaýat etjekdigini bildirdi diýip, onuň edarasy 29-njy ýanwarda aýtdy.

Germaniýada, kansler Angela Merkeliň sözçüsi onuň terrorizme garşy göreşiňbir ýerden gelip çykan ýa bir dine ynanýan adamlary umumy şübhe astyna almaga esas berýändigine ynanmaýandygyny aýtdy.

Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau 28-nji ýanwarda twitterde kanadalylaryň ýanalmadan, terrordan we uruşdan gaçýanlary dinine garamazdan kabul edýändigini aýtdy.

Eýran 29-njy ýanwarda, Trampyň syýahat gadaganlygyna protest bildirmek üçin, Şweýsariýanyň ilçisini, Tähranda Waşingtonyň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomaty Eýranyň Daşary işler ministrligine çagyrdy.

Yrak parlamentiniň daşary meseleler komiteti 29-njy ýanwarda ABŞ-nyň yraklylara girizen syýahat gadaganlygynyň «adalatsyzdygyny» aýtdy we Bagdatdaky hökümetiň amerikan kararyna laýyk çäre görmegine çagyrdy diýip, Roýters habar berdi.

Sudanyň Daşary işler ministrligi Trampyň buýrugynyň «örän keç» bolandygyny, sebäbi Waşingtonyň terrora garşy göreş üçin bu ýurda garşy girizen sanksiýalaryny ýatyranyna ýaňy iki hepde bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG