Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel, Tramp telefonda NATO-nyň igi maslahatlaşdylar


German kansleri Angela Merkel we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telefonda gürleşdi.
German kansleri Angela Merkel we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp telefonda gürleşdi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 20-nji ýanwarda bolan inagurasiýa dabarasyndan bäri özleriniň ilkinji telefon söhbetleri mahalynda dünýä howpsuzlygy üçin NATO ýaranlygynyň örän möhümdigini nygtadylar.

Liderler «NATO ýaranlygynyň has giň transatlantik gatnaşyk we biziň Demirgazyk Atlantik jemgyýetimizde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek babatda oýnaýan düýpli rolunyň ähmiýeti barada bir pikire geldiler” diýip, Ak tamyň 28-nji ýanwardaky beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de liderleriň NATO-nyň 21-nji asyryň howp-hatarlaryna garşy durmaga ukyply bolmagy, umumy goranyşyň harby kuwwatlyklara degişli maýa ýatyrylmagyny talap edýändigi we kollektiw howpsuzlyk üçin ähli ýaranlaryň adalatly goşant goşmalydygy barada ylalaşandygy bellenilýär.

Tramp, terrorçylyga garşy ýeterlik iş etmedi we ýaranlaryň köpüsi ýeterlik maliýe goşandyny goşmaýar diýip, käte «möwriti geçen» hökmünde NATO-ny tankyt edeninden soň, ýewropa ýaranlarynyň käbiri alada galypdy.

Şeýle-de iki lider terrorçylyga we zorlukly ekstremizme garşy garşy durmak, Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky gowgaly ýerleri durnuklaşdyrmak babatda ozaldanam gujurly hyzmatdaşlygy has güýçlendirmek barada maslahat etdiler.

Bilelikdäki beýanatda Orsýet, Ukraina meseleleriniň hem maslahatlaşylandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG