Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: 166 adamyň ölümine getiren hüjüm bilen bagly dinçi öý tussaglygyna höküm edildi


“Jamaat-ud-Dawa” guramasynyň lideri Hafiz Saeed (s), Lahor, 31-nji ýanwar 2017.
“Jamaat-ud-Dawa” guramasynyň lideri Hafiz Saeed (s), Lahor, 31-nji ýanwar 2017.

Pakistanyň häkimiýetleri 2008-nji ýylda Mumbaýda 166 adamyň ölümine sebäp bolan hüjümiň aňrysynda bolmakda güman edilýän esasy adamlaryň birini öý tussaglygynda saklamaka görkezme berendigini aýtdylar.

Hafiz Saeed babatynda ABŞ we Hindistan tarapyndan ençeme ýylyň dowamynda edilen basyşlaryň netijesinde 30-njy ýanwarda gelnen bu karar Yslamabadyň we Nýu Deliniň arasyndaky dartgynlylygy gowşadyp biler.

“Bu görkezmeler Waşington tarapyndan geldi” diýip, gazaply dinçi Lahorda suduň kararynyň yglan edilmeginiň yzýany žurnalistlere aýtdy.

ABŞ Saeediň kellesi üçin 10 million amerikan dollary möçberinde baýrak yglan edipdi. Saeed “Jamaat-ud-Dawa” atly musulman guramasyna ýolbaşçylyk edýär. Waşington bu guramanyň söweşiji “Laşkar-e-Taiba” guramasyna gözegçilik eýändigini aýdýar.

Saeed Mumbaýda 10 adamyň amala aşyran ganly hüjüminiň, gymmatbaha myhmanhanalara, demirýol wokzalyna we ýewreý merkezine amala aşyrylan hüjümlerden soň öý tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG