Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp öz kararyna garşylyk bildiren baş prokurory wezipesinden boşatdy


Ýustisiýa departamentiniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Sally Ýates

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň Birleşen Ştatlara syýahat etmegine wagtlaýyn gadagançylyk girizmek baradaky öz kararynyň kanunydygyny sorag astyna goýan Ýustisiýa departamentiniň ýerine ýetiriji ýolbaşçysyny işden boşatdy.

Ak Tam 30-njy ýanwarda Sally Ýatesi “kanuny karary durmuşa geçirmekden ýüz öwrüp”, departamente “dönüklik” etmekde aýyplandy.

Munuň öňüsyrasynda Ýates departamentiň aklawçylaryny Trampyň hökümet kararyny sudda goramazlyk barada görkezme berendigini aýdypdy.

Senat Ýatesiň ýerine täze bellenjek ýolbaşçynyň kandidaturasyny tassyklaýança onuň wezipesinde galmagyna garaşylýar.

Tramp ABŞ-nyň “daşary ýurtly terrorçylardan” goramagy wada berip, 27-nji ýanwarda ABŞ-nyň bosgunlar programmasyny we esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň immigrasiýasyny wagtlaýyn ýatyrdy. Onuň bu karary ýurduň içinde protest döretdi we daşary ýurtlarda giň derejede tankyt edildi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG