Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýüzlerçe amerikan diplomaty Trampyň immigrasiýa gadagançylygyna protest bildirdi


Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň bosgunlarynyň we syýahatçylarynyň Birleşen Ştatlara barmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizmek kararyna garşy protest çykyşlar, ABŞ

ABŞ-nyň Döwlet departamenti dünýäniň dürli ýurtlaryndaky 900 çemesi amerikan diplomatynyň prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň bosgunlarynyň we syýahatçylarynyň Birleşen Ştatlara barmagyna wagtlaýyn gadagançylyk girizmek kararyna protest bildirendigini tassyklady.

Geçen hepdede çykarylan hökümet kararyna 31-nji ýanwarda bildirilen bu nobatdaky protestinde resmiler resmi syýasata garşylygyny mälim etmek mümkinçiliginden peýdalanýandygyny belleýärler.

Trampyň öz kararyny sudda goramakdan ýüz öwüren ýerine ýetiriji baş prokurory wezipesinden boşatmagynyň ertesi Ak Tamyň metbugat wekili Sean Spiser diplomatlara duýduryş berdi we “munuň Amerikanyň howpsuzlygyna degişlidigini” belläp, olaryň “programma boýun bolmalydygyny ýa-da çekilip bilýändigini” aýtdy.

Diplomatlar kararyň musulman ýurtlary bilen gatnaşyklary ýaramazlaşdyryp biljegine, Amerika garşy garaýyşlary güýçlendirjegine we ABŞ sapar etmäge düýpli sebäpleri bolan adamlara zeper ýetirip biljegine aladalanma bildirdiler.

Trampyň karary Eýrandan, Yrakdan, Liwiýadan, Somaliden, Sudandan, Siriýadan we Ýemenden bolan syýahatçylaryň Birleşen Ştatlara barmagyna 90 günlük gadagançylyk girizdi. Bosgunlaryň ählisiniň ýurda barmagyna 120 günlük gadagançylyk girizildi, siriýaly bosgunlar babatyndaky gadagançylygyň wagty görkezilmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG