Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazak premýeriniň täsirli orunbasary işden boşadyldy 


Prezidenti N.Nazarbaýew I.Tasmgambetowy wezipesinden boşatdy.

Gazagystanyň premýer-ministriniň täsirli orunbasary Imangali Tasmagambetow wezipesinden boşadyldy.

Gazagystanyň prezidentiniň metbugat gullugy 3-nji fewralda Tasmgambetowyň perzidentiň karary esasynda, başga wezipä bellenendigi üçin boşadylandygyny aýtdy.

Emma onuň täze bellenen wezipesi aýdylmady. 60 ýaşyndaky Tasmagambetow 76 ýaşyndaky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň ähtimal ýerine geçjek mirasdüşer hasaplanýardy.

Ol dürli döwürlerde goranmak ministri, bilim we medeniýet ministri, prezident diwanynyň başlygy, Almatynyň häkimi, Astananyň häkimi we nebite baý region bolan Aturauyň gubernatory bolup işledi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG