Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

BMG owgan serkerdesiniň gadaganlygyny ýatyrýar


Gulbeddin Hikmetýaryň goldawçylary Hyratdaky duşuşykda, 5-nji oktýabr, 2016 ý.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi ozalky uruş serkerdesi Gulbeddin Hikmetýaryň garşysyny girizilen sanksiýalary ýatyryp, onuň Owganystana dolanmak mümkinçiligine ýol açýar.

3-nji fewralda yglan edilen çäre, Hikmetýar we onuň jeňçi topary «Hezbe-Yslam» bilen sentýabrda baglaşylan parahatçylyk ylalaşygynyň bir bölegi hökmünde, owgan hökümetiniň haýyşy bilen görülýär.

Hikmetýary jeňçi toparlar bilen ilteşigi sebäpli girizilen gadaganlyklaryndan boşatmak bilen, BMG onuň emläklerine girizilen doňdurmany, syýahat we ýarag gadaganlygyny hem ýatyrdy.

Hikmetýaryň baş gepleşikçisi Amin Karim ýanwar aýynda AP habar gullugy bilen söhbetdeşlikde onuň Kabula aýlara galman, hepdeler içinde geljekdigini aýtdy.

Owgan hökümetiniň Hikmetýar bilen parahatçylyk ylalaşygy käbir owganlar we hukuk goraýjylar tarapyndan tankyt edildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG