Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran raketa we radar synaglaryny geçirýär


Eýran öz raketasyny we radar sistemalaryny synag edýär.

Eýran öz raketasyny we radar sistemalaryny synag etmek üçin 4-nji fewralda harby maşk geçirýär.

Birleşen Ştatlar bir gün öň Eýrana garşy, golaýda geçiren raketa synagy sebäpli, sanksiýa girizipdi.

Eýranyň rewolýusiýa gwardiýasynyň websaýtynda aýdylmagyna görä, demirgazyk-gündogar welaýat bolan Semnanda geçirilýän manýowrlar «olaryň Waşingtonyň haýbatlaryna we kemsidiji sanksiýalaryna garşy durmaga doly taýýardygyny» görkezer.

Eýranyň döwlet mediasy bu türgenleşikde ýurt içinde ýasalan raketa sistemalarynyň, radarlaryň, komanda we gözegçilik merkezleriniň, kiber we uruş alyp barmak sistemalarynyň synag ediljekdigini habar berdi. Eýran bilen ABŞ-nyň gatnaşyklary prezident Donald Tramp geçen aý işe başlaly bäri çürt-kesik ýaramazlaşdy.

Waşington 3-nji fewralda, Ak tam Eýrany ballistik raketa synagy we beýleki aktiwlikleri zerarly «bellige alandan» soň, ABŞ Eýran sanksiýalary esasynda, 13 şahsyýeti we 12 kärhanany gadaganlyga saldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG